Garagum

Garagum çöli

Audio clip: Adobe Flash Player (version 9 or above) is required to play this audio clip. Download the latest version here. You also need to have JavaScript enabled in your browser.

Garagum atly sazymy indirmek üçin salgy. Youtube-daky videosy.

TeX dünýäsinde türkmen dili

TeX sistemasy islendik adama ýokary hilli kitap we ylmy dokumentleri çapa taýýarlamak mümkinçiligini berýär. Bu sistema esasan akademiýada tanalýar. LaTeX dili TeX sistemasyny ulanmagy hasam aňsatlaşdyrýar we bibliografia, kitabyň mazmunyny we şoňa meňzeş kitap böleklerini taýýarlamakda uly kömekçi bolýar.
|Dowamy…

Meniň Windowsda ulanýan mugt programmalarymyň listi

Windows üçin mugt programma gaty kän, olaryň arasynda gowularam bar, bidereklerem kän. Men öz ulanýan programmalarymy kän programmalary gözden geçirip saýlanym üçin başgalarada peýdaly bolar diýip pikir edýän.
|Dowamy…

Internetde reklamadan bizar bolduňyzmy?

Internetde reklama barha köpelýär we meniň ýüregime düşýär. Sahypada ünsüňi bölüji şekilde ýerleşdirilen bu reklamalar, indirilmegi üçin wagt alýar we haýalrak internet baglanyşyklarda hasam bildirýär. Firefox internet browserini ullanýanlar üçin reklamalary filter edýän plugin bar, AdBlock Plus. Bu plugini goýanyňdan soň onuň özi belli reklamalary aýyryp bilýär. Automatik aýyrylmadyk reklamany özüň gara lista salyp bilýärsiň, ondan soň ol reklama görkezilmeýär.
|Dowamy…

Galan-gaçan beatlar

BitGeçen ýyl men “Bu dünýäde” diýen diňe beatdan ybarat bolan bir “albom” ýalak bir zat çykarypdym. Şonda men beat ogurlaman, özüňem ýasasa bolýanyny görkezjek boldum, we meniň pikirimçe köp adamy beat ýasamaga synanyşmaga itdim. Ýöne meni öňden diňläp gelýän adamlaryň bilşi ýaly meniň esasy ýolum rap/beat tarapa ugrukdyrylan däl, herkim öz diňleýän zadyny ýasaýar, menem kän bir rap diňläp baramok. Şoň üçin komputerimde galan-gaçan beatlary paýlaşasym geldi sebäbi olary işläp başlan chillout albomyma sokmakçy däl. 4 sany beaty bir zip ahriwde şutaýdan indirip bilersiň.

Linux ullanýan türkmenler üçin hoş habar

Bilşiňiz ýaly Windowsda türkmen keyboard ýerleşişi ilki Vistada çykypdy, ondan öň manual ýollar bilen oňarýan özüne görä ýerleşiş ýasap ullanýardy. Ýöne bu Windowsda döremeginiň gowy ýeri, näme-de bolsa bir standarda golaýlamagymyzdy. Men Linuxda özüme görä layout ýasap ullanýardym, emma install edeňde ýany bilen gelmeýänine gynanýardym sebäbi linuxda bir eýýäm owgan, kürt we şoňa meňzeş IT dünýäsinde öňde bolmadyk ýurtlarynyňam keyboard ýerleşişi bardy. Elbetde bu biziň universitetlerimizde intägem IT okap bolmaýanlygy we döwletde Türkmenistanyň IT standartlaryna göz-gulak bolýan bir guramanyň ýoklugy sebäplidi.

Men bu ýazgyny hoş habar diýip başladym we gysgaça aýtjagym, indi linux hem “out of the box” türkmen keyboard ýerleşişi bilen gelýär.
|Dowamy…

1 Galam 1 Deprek

1 Galam 1 DeprekZumer bilen işleşigimiziň netijesi taýýar: 1 galam 1 deprek atly 7 trekden ybarat bolan bir albom.
|Dowamy…

MIDI we VST barada

(Saz döredijiliginde ullanylýan gurallar seriýasynyň ikinji bölümi)

MIDI näme?

Elektronik saz gurallaryň birek-biregi bilen gürleşip biler ýaly döredilen protokol. Bu protokolyň kömegi bilen komputerler, synthesizerler, MIDI controllerler, ses kartlary, samplerler we deprek maşynlary birek-biregi kontrol edip bilýär, birek-birege maglumat iberip bilýär (mysal üçin haýsy notanyň basylandygy, instrumendiň sesi barada, we şoňa meňzeş her dürli parameterleri barada).
|Dowamy…

DAW (Digital Audio Workstation) barada

(Saz döredijiliginde ullanylýan gurallar seriasynyñ birinji bölümi)

DAW näme?

Gysgaça aýdanymyzda Digital Audio Workstation (DAW) sesi digital görnüşde ýazga geçirmek, aýtdyrmak we redaktirlemek üçin döredilen sistema. Emma bu döwürde onyñ döredýän mumkinçilikleriniñ sany ýok.  Bu sistema her bir saz studionyñ merkezi bölegidir we saz ýazgy, arranzhirowka bilen işleýän adamlaryñ iñ möhüm guralydyr. Bu sistemanyñ üsti bilen başga-da bir topar gurally oda gapy açylýar.
|Dowamy…

Açyk çeşme programmalary

Açyk çeşme näme?

opensourceIntellektual emläk, esasan kompýuter programmanyñ çeşme kodynyñ ýasanlar tarapyndan jemgyýete  mugt elýeter edilmesi. Üstesine, programmanyñ özi hem ullanyjylar üçin mugt. Ullanyjylar programmanyñ çeşme kodynyndan öwrenip, ony gelişdirip, üýtgedip bilerler. Açyk çeşme programmalar  her dürli derejede azatlyk berýän lisenziýalar ullanýarlar, olaryñ arasynda iñ populýar bolan GPU lisenziýasy.
|Dowamy…