DAW (Digital Audio Workstation) barada
(Saz döredijiliginde ulanylýan gurallar seriasynyñ birinji bölümi)
DAW näme?
Gysgaça aýdanymyzda Digital Audio Workstation (DAW) sesi digital görnüşde ýazga geçirmek, aýtdyrmak we redaktirlemek üçin döredilen sistema. Emma bu döwürde onyñ döredýän mumkinçilikleriniñ sany ýok. Bu sistema her bir saz studionyñ merkezi bölegidir we saz ýazgy, arranzhirowka bilen işleýän adamlaryñ iñ möhüm guralydyr. Bu sistemanyñ üsti bilen başga-da bir topar gurally oda gapy açylýar.

DAW sistemalar dürli-dürli bolýarlar. Olaryñ käsi diñe software bolsa, başgalary suratdaky ýaly hardware bilen bile gelýär. Bir tarapda gymmat professional programmalar bolsa, ol bir tarapda başlaýanlar üçin añsat we ýönekeý programmalar bar. Her bir sistemanyñ güýçli we o diýen güýli däl ýerleri bar we şonuñ üçin özüñe DAW saýlanyñda özüñ üçin möhüm işleri ýerine ýetirýän sistemany saýlap almaly. Sowet adamlarynyñ pikir edişinden tapawutlylykda, iñ gymmady seniñ üçin iñ gowysy bolman biler! Hemme zady gowy bolsa diýmän, öz islegleriñi üpjün edýän bir zat saýlap alanyñ-da jübiñ deşilmeýär
Ýöne haýsy bir funksianyñ gerek boljagyny bilmek üçin programmanyñ seniñ üçin näme edip biljegini bilmeli, öwrenmeli we başga programmalar bilen deñeşdirmeli. Haýsy stilde saz döretmekçi? Nähili saz gurallar ulanmakçy? Akustikmi ýa-da diñe digital gurallar? Şu soraglara we başga-da kän soraglara jogap bermeli. Ýöne gowy ýeri, bu gün köp DAW sistemalar diñe softwaredan ybarat, şonuñ üçin saýlanyñda hersiniñ demosyny alyp, ulanyp görse bolýar. Gowy däl ýeri bolsa, käbir sistema nähili gowy bolsada, täze ulanyjylar üçin düşnüksiz we kyn görünýär. Şonda seniñ işiñi has gowy ýerine ýetirjek programmany, “aý kynlaý by” diýip sypdyraýmagyñ mümkin.
DAW sistemalaryñ umumy funksialary
- Multitrack – ses ýoda prinsipi. Her sesiñ öz ýodasy bar we ýodalar bir-birine paralell durýar.
- Mixing console – ses ýodalary sazlamanylýan gural. Mysal üçin sesleri, effektleri.
- Automation – sazlanylýan parametrleriñ automatlaşdyrylmagy
- Plugin support – belli bir plugin (goşmaça gurallaryñ) goldanmasy
- Midi support
Iñ köp ulanylýan DAW programmalar
Birinji topar, saz-ses industriasynda standard bolan programmalar:
- Cubase (Steinberg)
- ProTools (Digidesign)
- Logic (Apple)
- Sonar (Cakewalk)
- Samplitute (Magix)
- Digital Performer (MOTU)
Ýokarda agzalan programmalaryñ tapawutlylygandan meñzeşligi kän. Bularyñ hemmesi köne hardware sistemanyñ iş-akym prinsipi bilen döredilen we bu işde öñden işläp ýörenler üçin öwrenmesi añsat. Täze ulanyjy üçin emma, öwrenmek çyzgysy gaty dik.
Täze iş akymy ýaýýan we electronic stilde saz düzýänler üçin DAW programmalary:
- FL studio – meniñ ulanýanym, bu barada belki soñ jikme-jik ýazaryn.
- Ableton Live
- Orion (Synapse Audio)
- Tracktion (Mackie)
- EnergyXT
- Project5 (Cakewalk)
- Reaper – Cubase programmasyna meñzeş emma ýeñil we arzan.
- Reason (Propellerhead)
Bu listdaky agzalan programmalaryñ hemmesi diýen ýaly pattern-based (nagyş usully). Janly ses ýazmak mümkinçilikleri bolsada, has güýçli ýeri Midi bilen işlemek. Bular biraz köne sistemalardan iş usuly bilen tapawutlanýarlar we hersi öz bolşuna üýtgeşik. ulanyp başlamak añsat, ýöne ösen derejede ulanmak üçin öwrenmeli zatlary az däl. FL studio, Orion we Project5 birek-birege deñräk, we meñzeş prinsiplerde işleýärler. Tracktion hemme zat gözýetimde diýen prinsipi öñe sürýär. Reason, popular programma, ol bolsa sim sokup çykarmagy gowy görýänler üçin. Bu listda girmedik başgada bir topar programmalar bar ýöne meniñ agzanlarym öz bilýänlerim.
7. July 2009 um 17:01
sagja bol atdash.. gaty peydaly post..