MIDI we VST barada

(Saz döredijiliginde ulanylýan gurallar seriýasynyň ikinji bölümi)

MIDI näme?

Elektronik saz gurallaryň birek-biregi bilen gürleşip biler ýaly döredilen protokol. Bu protokolyň kömegi bilen komputerler, synthesizerler, MIDI controllerler, ses kartlary, samplerler we deprek maşynlary birek-biregi kontrol edip bilýär, birek-birege maglumat iberip bilýär (mysal üçin haýsy notanyň basylandygy, instrumendiň sesi barada, we şoňa meňzeş her dürli parameterleri barada).

Elektronik instrumentler bilen işleýän her bir DAW programma, MIDIni gollaýar.

Virtual Studio Technology (VST) näme?

Steinbergiň audio synthesizer we effekt gurallaryny birikdirmek üçin döreden standardy. VST şekilinde ýasalan müňlerçe satlyk hem mugt saz gural bar we olaryň hemmesi VST formatyny gollaýan DAW programmlaryň içinde işletse bolýar. Bu DAW programmalara çäksiz mümkinçilikler goşýar.

VST gurallar esasan ikä bölünýär, instrument ýada effekt. VST intrumentler iberilen MIDI notalary sese öwürýär, effektler bolsa, ses (audio) datany effekta görä üýtgedýär.

Gyzykly salgylar


 
 
 

Leave a Reply

You must be logged in to post a comment.