Linux ulanýan türkmenler üçin hoş habar
Bilşiňiz ýaly Windowsda türkmen keyboard ýerleşişi ilki Vistada çykypdy, ondan öň manual ýollar bilen oňarýan özüne görä ýerleşiş ýasap ulanýardy. Ýöne bu Windowsda döremeginiň gowy ýeri, näme-de bolsa bir standarda golaýlamagymyzdy. Men Linuxda özüme görä layout ýasap ulanýardym, emma install edeňde ýany bilen gelmeýänine gynanýardym sebäbi linuxda bir eýýäm owgan, kürt we şoňa meňzeş IT dünýäsinde öňde bolmadyk ýurtlarynyňam keyboard ýerleşişi bardy. Elbetde bu biziň universitetlerimizde intägem IT okap bolmaýanlygy we döwletde Türkmenistanyň IT standartlaryna göz-gulak bolýan bir guramanyň ýoklugy sebäplidi.
Men bu ýazgyny hoş habar diýip başladym we gysgaça aýtjagym, indi linux hem “out of the box” türkmen keyboard ýerleşişi bilen gelýär.
Türkmen keyboard ýerleşişini men ýylyň başynda linuxdaky standartlara eýeçilik edýän Xorg atly gurama iberipdim we meniň iberen patchim (X desktop) 1.6 wersiasyna girizildi. Xorgyň bu wersiasyny ulanýan her bir Linux distroda türkmen keýboard ýerleşişi bolmaly. Haýsy wersiasyny ‘X -version’ kommandasy bilen bilip bolýar.
Men iki sany ýerleşiş taýýarladym. Olaryň biri Vistadaky bilen deň, beýlekisi bolsa alternatiw. Alternatiw ýerleşiş türkmen harplaryny kän ulanmaýan adamlar üçin, sebäbi ýerleşişiň özi US keyboard we goşmaça ‘alt’ düwmesi bilen türkmen harplaryny ýazmak bolýar, mysal üçin ‘alt+a’ => ä, ‘alt+y’ => ý.
Türkmen keyboardyň ýerleşişiniň diller lista girmeginiň başga gowy tarapy, onyň üýtgetmesi hem aňsat. Öň näçe ýerde üýtgedip çykmaly zady indi bir symbols diýen papkada tm diýen faýly üýtgetmek bilen edip bolýar.
Linuxda keyboard ýerleşiş goşmagy bilmeýänler üçin gysgaça düşündiriş
Meniň ulanýan Linuxym Ubuntu we Gnome desktopyny ulanýan. KDE ýada XFCE desktoplaryndada şuňa meňzeş usullar bilen türkmen keýboard ýerleşişini girizip bilersiňiz. Öň başga ýerleşiş girizen bolsaňyz, mundan soňrasyny okamak gerek däl.
Täze keýboard layout/ýerleşiş goşmak üçin menýudan System > Preferences > Keyboard saýlaň. Açylan aýnada Layouts diýen taba geçiň we “add” düwmesine basyň. Täze aýna açylar, saýlow listden Turkmenistany saýlaň.
Goşanyňyzdan soň, Layout Optionsda, layoutlary haýsy düwme kombinasiasynyň üytgedýanini saýlap bilersiňiz. Windowsda shift+alt üýtgedýär, ýatda saklamak aňsat bolar öýütseňiz, şoňa geçiriň (ikinji surat). 
Ýene bir kiçijik goşmaly zadam, start panel üçin haýsy keýboard ýerleşigiň aktiwdigini görkezýän bellik. ‘Add to Panel’ üsti bilen panele “keyboard indicator” diýen widget/guraljygy goşuň.
Belki geljekde türkmenleriň arasynda Linux ulanýan köpelip, linuxy türkmençä terjime etmek isleýän hem köpeler. Näme bolsa-da bir ädim öňe ädildi.
5. July 2009 um 12:39
gowydygyny:D