Meniň Windowsda ulanýan mugt programmalarymyň listi
Windows üçin mugt programma gaty kän, olaryň arasynda gowularam bar, bidereklerem kän. Men öz ulanýan programmalarymy kän programmalary gözden geçirip saýlanym üçin başgalarada peýdaly bolar diýip pikir edýän.
Antivirus
Kompýuteri wiruslardan we başga-da zyýan getirip biljek programmalardan goranmak üçin hökmany programma. Täze kompýuter alan badyňa goýaýmalylaryň biri. Meniň ulanýanym Avast Free Antivirus.
Messenger
Windowsyň özi bilen gelýän messengeri barka başgany näme etjek diýýänler bardyr belki-de emma meniň hödürleýän we özümiň ulanýan messengerim diňe MSN üçin däl-de, hemme popular messenger programmalara alternatiw bolan Pidgin messengeri. Windows Live Messenger agyr işleýär, köp resurs ulanýar we gerek-mejek zatlary kän üstesine-de reklama görkezýär. Pidgin ulanmagyň gowy ýeri hemme popular messengerlere birden girip bolýar şol sanda MSN, Yahoo, Gmail we ICQ. Hemmesine bir programmanyň üsti bilen girip bolýarka näme üçin aýry-aýry programma ulanjak?
Media player
Ýene-de Windows bilen öz öz media playeri gelýär (Windows Media Player) ýöne men ony köp sebäpli halamok, mysal üçin haýal açylmagy. Komputerimde video görkezýän iki programma bar: GOM player bilen VLC. Iki playerem köp wideo formaty (codec), dürli subtitr faýllary hem görkezip bilýär. Bu playerler döwük wideo faýllary hem aýlap bilýärler. Ikisiniň bardygynyň sebäbi sebäbi kä faýly biri görkezip bilmese, beýleki daş edýär.
Saz diňlemek üçin ulanýan programmam bolsa Foobar 2000. Tiz açylýar we ýeňil işleýän mp3 player. Görnüşini özüňe görä sazlamaga mümkinçiligi bar.
Word processing (Uzyn tekst ýazmak üçin)
Tekst ýazmaly bolanda göni akyla gelýän Microsoft Office bilen gelýän Microsoft Word programmasy ýöne ol mugt däl. Meniň ulanýanym Microsoft Offise mugt Open Office atly alternatiw. Ýönekeý ulanyja gerek funksialary bar diýip pikir edýän. Has ýeňil alternatiw gözleýänlere bolsa Abiword programmasyny synamagy maslahat berýän.
DVD/CD recorder (ýazmak üçin programmalar)
DVD we CD ýazmak üçin ulanýan programmamyň ady InfraRecorder. Ulanmasy aňsat we işini kanagatlandyryjy şekilde ýerine ýetirýär. Has güýçli alternatiw: ImgBurn.
Arhiw faýllar: zip, rar we ş.m.
Faýlary arhiwlemek üçin ýa-da internetden indirlen arhiw faýllary açmak üçin 7zip diýen programmany ulanýan. Bu programma zip, rar faýllary we başga-da bir topar ahriw formatlary açyp bilýär, şol sanda böleklere bölünen rar faýllary hem açýar.
Text editor
Programmist bolanym üçin kod redaktirlemäge programma gerek bolýar. Iň çalt açylyp, kody gowy reňkli şekilli görkezip bilýän Notepad2 atly editory ulanýaryn.
Internet geziji
Aý bula belli zat, Mozilla Firefox internet gezijini ulanýan. Aslynda bu-da haýal welin, reklama block edýän plugin bolany üçin ulanýan.
Surat bilen işlemek üçin programmalar
Adobe Photoshop programmanyň crack edilen wersiasyny ulanandan, mugt alternatiwleri ulananyň gowymyka diýýän. Elbetde professional bolsaň Photoshop programmasyny satyn alanyň gowy sebäbi ol programma taý geljek programma ýok emma ýönekeý ulanyja, ara-syra surat bilen işleýänler üçin Paint.net hem ýetýär. Has köp funksialy alternatiw gerek bolsa GIMP programmasyny gözden geçirmegiňizi maslahat berýän.
PDF okyjy
Adobe Reader programmasyny haýal hasaplaýan adamlar üçin, tiz açylýan pdf okyjy Evince.
Video bilen işlemek üçin
Video faýly başga formata geçirmek üçin ýa-da kesip biçmek üçin Avidemux diýen programmany ulanýan. Bu programma ýönekeý, bahym işleýär ýöne full video redaktirleme programmasy däl.
Ses ýazgysyny redaktirlemek üçin
Ses ýazgysyny redaktirlemek üçin, filtrlemek üçin ýa-da başga formata geçirmek üçin Audacity diýen programmany ulanýan. Mp3 formatyň açyk format bolmadygy üçin aýry goýmaly.
Başga programmalam ýadyma düşensoň goşaryn.