TeX dünýäsinde türkmen dili

TeX sistemasy islendik adama ýokary hilli kitap we ylmy dokumentleri çapa taýýarlamak mümkinçiligini berýär. Bu sistema esasan akademiýada tanalýar. LaTeX dili TeX sistemasyny ulanmagy hasam aňsatlaşdyrýar we bibliografia, kitabyň mazmunyny we şoňa meňzeş kitap böleklerini taýýarlamakda uly kömekçi bolýar.

Türkmen dili

TeX iki tarapy deň çap etmeli teskti (justified) boş ýerleri sündirip däl-de (Microsoft wordyň edişi), sözleri diliň kadalaryna görä bölüp täze setire geçirip amala aşyrýar. Şu usulyň bähbidi ýazylan tekstiň içinde giň ak “derýalaryň” dörezmezligi.

Türkmen dilinde sözler bogna bölünip täze setire geçirilýär. TeX muny her dil üçin döredilen söz nagyşlary (pattern) bilen  ýerine ýetirýär. Bu nagyşlar, haýsy sözleriň niresinde defis goýup täze setire geçirip bolýandygyny görkezýärler. Men türkmeniň diliniň nagyşlaryny taýýarlap sistemanyň terjime etmeli ýerlerini türkmen diline geçirdim we meniň goşuntym sistema girizildi.

Giňişleýin maglumat tapmak üçin salgylar: