Siz haýsy Audio Playeri ullanýarsyñyz?

Audio playeriñ saz aýtdyrmakdan başga bir üýtgeşik roly ýok, ýöne audio player saýlanyñda başga faktorlar bar. Köp kişi Windows bilen gelýän Windows Media Playeri ullanýar, ýöne men ol playeri köp sebäpli halamok. Güýçli ýerleri kän hem bolsa, men audio playeriñ işlände, köp prosess ullanmagyna garşy we tiz açylmagyny isleýän. Bu esasan köneräk komputerlerde möhüm. Şu ýazgymda men siz bilen öz ullanýan audio playerim bilen tanyşdyrjak, elbetde playerleriñ sany köp we herkim özüne görä saýlamaly.

Foobar 2000

Foobar 2000

Foobar 2000

Bu programma öz ýönekeýligi bilen adamyñ göwnüne ýaraýar. Isleseñ WinAmp ýaly playlist hökmünde ullan, isleseñ mp3 kitaphana funksialaryny ullan. Garaz hemme taraplaýyn gowy, işleýşi ýeñil hem bahym. Ondan daşary faýl konvert etmek üçin bir giden pluginleri bar. Görnüş reñklerini özüñe görä üýtgetmek bolýar. Synamak isleýänler programmany şu sahypadan indirip bilerler: http://www.foobar2000.org/.

Eýsem bu WinAmpdan nämesi bilen tapawutlanýar?

WinAmp meniñ pikirimçe agyrlaşdy öñkisinden, ikinji bilen interface mähirli däl. Foobar, windowsyñ öz görnüşini ullanýar.

Video aýlanokmy?

Ýok, bu programma diñe audio aýtdyrýar, ýöne Windows Media Playerden doýan bolsañ, iki sany media player hem hödürläp biljek. Bularyñ birinjisi, ýönekeý emma güýçli VLC. Bu playeriñ üýtgeşikligi, döwük video faýllary hem aýtdyrmaga synanyşýar. Ikinji biz gyzykly täze player GOM. Bu player VLCyñ kemçiliklerini doldurýar, wmv faýllary gowyrak işledýär we başgada bir giden codecleri bar. Mysal üçin youtubedan alan videolary hem aýlap bilýär.

Şu ýazgymda gürrüñ beren bar programmalarym mugtdyr we ýasanlaryñ öz sahypasyndan indirip bolýar.


 
 
 

One Response to “Siz haýsy Audio Playeri ullanýarsyñyz?”

  1. Вадим Торин
    15. August 2009 um 04:54

    А я, вот этим пользуюсь http://www.aimp.ru/index.php

    Фишка в том, что можно прям с плейлиста копировать песни.
    Просто взял и кинул куда хочешь.

Leave a Reply