Açyk çeşme programmalary
Açyk çeşme näme?
Intellektual emläk, esasan kompýuter programmanyñ çeşme kodynyñ ýasanlar tarapyndan jemgyýete mugt elýeter edilmesi. Üstesine, programmanyñ özi hem ulanyjylar üçin mugt. ulanyjylar programmanyñ çeşme kodynyndan öwrenip, ony gelişdirip, üýtgedip bilerler. Açyk çeşme programmalar her dürli derejede azatlyk berýän lisenziýalar ulanýarlar, olaryñ arasynda iñ populýar bolan GPU lisenziýasy.
Pully programmalara alternatiw açyk çeşme programmalary
Populýar gymmat programmalara, gözleseñ alternatiw mugt açyk çeşme programmalar tapylýar. Bu gözlegde kömek bolup biljek esli sahypa bar, olaryñ biri hem OSALT. Bu sahypada iñ kän ulanylýan kommersiýal programmalaryñ listy bar we şol programmalaryñ mugt alternatiwleri görkezilýär. Mysal üçin, hemmämiziñ eşiden we belki ulanýan programmamyz Adobe Photoshopa, GIMP ýada GimpShop diýen alternatiwler bar. Elbetde bu programmalar edil kommersiýal programmalar ýaly güýçli bolman biler emma köp ulanyjynyñ zerurlygyny kanagatlandyrar diýip pikir edýän. Photoshopy crack bilen mugt ulansa bolýara diýýänler az däl, ýöne men özüm programmist bolanym üçin crack ulanmakdan başardygymyzça uzak durmagy maslahat berýän. Mugt alternatiw barka, näme üçin kanuny bozmaly? Elbetde, bu hemişe mümkin däl we her bir programma mugt alternatiw edil şu gun ýok.
Meniñ düzen alternatiw listym
- Microsoft Word – AbiWord diýen alternatiw bar, ýönekeýje emma işleşi bahym.
- Photoshop – GimpShop, gimp programmanyñ photoshop meñzedilen versiýasy
- Dreamweaver – Eclipse, islendik ýerde işe ýaraýan IDE.
- Nero Burning Rom – InfraRecorder, meñ göwnümden turdy, ýaz diýsem ýazýar.
- MSN Messenger – Pidgin, ýeñil, bahym we reklamasyz messenger.
Meniñ ýazmadyk programmalaryma osalt.comdan alternatiw tapyp bilersiñiz.