Archiv der Kategorie ‘Beatlar‘

 
 

Galan-gaçan beatlar

BitGeçen ýyl men “Bu dünýäde” diýen diňe beatdan ybarat bolan bir “albom” ýalak bir zat çykarypdym. Şonda men beat ogurlaman, özüňem ýasasa bolýanyny görkezjek boldum, we meniň pikirimçe köp adamy beat ýasamaga synanyşmaga itdim. Ýöne meni öňden diňläp gelýän adamlaryň bilşi ýaly meniň esasy ýolum rap/beat tarapa ugrukdyrylan däl, herkim öz diňleýän zadyny ýasaýar, menem kän bir rap diňläp baramok. Şoň üçin komputerimde galan-gaçan beatlary paýlaşasym geldi sebäbi olary işläp başlan chillout albomyma sokmakçy däl. 4 sany beaty bir zip ahriwde şutaýdan indirip bilersiň.

“Bu dünýäde”

10 beatlyk bir kiçijik albom, diñläp görmedikler üçin hödürleýän.

  1. Giriş
  2. Durman ýagyş ýagýar
  3. Ýazgyda galdy
  4. Pitneçi
  5. Öñem eşiden ýaly
  6. Boşluk
  7. Belki bir gün
  8. Ýoly kesilen ýolagçy
  9. Çöle döndi
  10. Hemme zadyñ soñy möhüm


Den ganzen Beitrag lesen…

“Tribute EP”

Irki eksperimentleriñ bir bölegi. Köne ýazgysyny üýtgetmän goýýaryn.

Trubute – A gift, payment, declaration, or other acknowledgment of gratitude, respect, or admiration.

Nury Halmämmediñ döredijiligine bolan hormatymy görkezmek üçin eden işlerim. Sazlaryñ hemmesi Nury Halmämmediñki, olary men kinolardan we aýdymlardan kesip alyşdyrdym. Sazlarda ullanylan seslerem kinolardan aldym, ol sözleri köpimiz öñem ýatdan bilýäris ýöne sazada gowy gelşýär diýip pikir edýärin.

  1. Aýtsana Asman – 2.46mb
  2. Uzyn ýol – 2.02mb
  3. Interlude – 526kb
  4. Adamlar – 2.79mb
  5. Keçpelek – 3.70mb
  6. Soñky söz – 2.29mb