Archiv der Kategorie ‘Maslahatlar‘

 
 

Meniň Windowsda ulanýan mugt programmalarymyň listi

Windows üçin mugt programma gaty kän, olaryň arasynda gowularam bar, bidereklerem kän. Men öz ulanýan programmalarymy kän programmalary gözden geçirip saýlanym üçin başgalarada peýdaly bolar diýip pikir edýän.
Den ganzen Beitrag lesen…

Internetde reklamadan bizar bolduňyzmy?

Internetde reklama barha köpelýär we meniň ýüregime düşýär. Sahypada ünsüňi bölüji şekilde ýerleşdirilen bu reklamalar, indirilmegi üçin wagt alýar we haýalrak internet baglanyşyklarda hasam bildirýär. Firefox internet browserini ullanýanlar üçin reklamalary filter edýän plugin bar, AdBlock Plus. Bu plugini goýanyňdan soň onuň özi belli reklamalary aýyryp bilýär. Automatik aýyrylmadyk reklamany özüň gara lista salyp bilýärsiň, ondan soň ol reklama görkezilmeýär.
Den ganzen Beitrag lesen…

Linux ullanýan türkmenler üçin hoş habar

Bilşiňiz ýaly Windowsda türkmen keyboard ýerleşişi ilki Vistada çykypdy, ondan öň manual ýollar bilen oňarýan özüne görä ýerleşiş ýasap ullanýardy. Ýöne bu Windowsda döremeginiň gowy ýeri, näme-de bolsa bir standarda golaýlamagymyzdy. Men Linuxda özüme görä layout ýasap ullanýardym, emma install edeňde ýany bilen gelmeýänine gynanýardym sebäbi linuxda bir eýýäm owgan, kürt we şoňa meňzeş IT dünýäsinde öňde bolmadyk ýurtlarynyňam keyboard ýerleşişi bardy. Elbetde bu biziň universitetlerimizde intägem IT okap bolmaýanlygy we döwletde Türkmenistanyň IT standartlaryna göz-gulak bolýan bir guramanyň ýoklugy sebäplidi.

Men bu ýazgyny hoş habar diýip başladym we gysgaça aýtjagym, indi linux hem “out of the box” türkmen keyboard ýerleşişi bilen gelýär.
Den ganzen Beitrag lesen…

Siz haýsy Audio Playeri ullanýarsyñyz?

Audio playeriñ saz aýtdyrmakdan başga bir üýtgeşik roly ýok, ýöne audio player saýlanyñda başga faktorlar bar. Köp kişi Windows bilen gelýän Windows Media Playeri ullanýar, ýöne men ol playeri köp sebäpli halamok. Güýçli ýerleri kän hem bolsa, men audio playeriñ işlände, köp prosess ullanmagyna garşy we tiz açylmagyny isleýän. Bu esasan köneräk komputerlerde möhüm. Şu ýazgymda men siz bilen öz ullanýan audio playerim bilen tanyşdyrjak, elbetde playerleriñ sany köp we herkim özüne görä saýlamaly.


Den ganzen Beitrag lesen…