Monatsarchiv für December 2008

 
 

Sazym flash oýunda

Atile Games - Asteroids

Atile Games - Asteroids

Atila Games toparynyñ taýýarlaýan Asteroids atly flash oýnunda meniñ Slow to react atly sazym ullanylýar. Oýun heniz doly taýýar däl, ýöne demosyny görmek isleýänler üçin salgy.

Gyzykly synag: Jalaýyñ oýny

Arada bir üýtgeşijek, özüme kän bir degişli däl stilde synag geçiresim gelipdi we FL studiony ýakyp, täze proýekta baş urdum. 3 gün diýen ýaly şol saz bilem meşgul boldum, köne aýdymlary diñledim, meñzetjek boldum we netijede bir zatlar orta çykdy. Diñläp pikirleriñizi aýtsañyz begenerin. Indirmek üçin salgy.

Audio clip: Adobe Flash Player (version 9 or above) is required to play this audio clip. Download the latest version here. You also need to have JavaScript enabled in your browser.

Siz haýsy Audio Playeri ullanýarsyñyz?

Audio playeriñ saz aýtdyrmakdan başga bir üýtgeşik roly ýok, ýöne audio player saýlanyñda başga faktorlar bar. Köp kişi Windows bilen gelýän Windows Media Playeri ullanýar, ýöne men ol playeri köp sebäpli halamok. Güýçli ýerleri kän hem bolsa, men audio playeriñ işlände, köp prosess ullanmagyna garşy we tiz açylmagyny isleýän. Bu esasan köneräk komputerlerde möhüm. Şu ýazgymda men siz bilen öz ullanýan audio playerim bilen tanyşdyrjak, elbetde playerleriñ sany köp we herkim özüne görä saýlamaly.


Den ganzen Beitrag lesen…

Hoş geldiñ diñleýji!

Sahypamy aktiwleşdirmek üçin sahypamy blog sistemasyna geçirdim. Indi sahypamda diñe öz sazlarymy goýman, başgada gyzykly saz bilen degişli ýazgylar ýazmakçy. Okuw bölümini başladypdym, emma dowamly bolmandy, indi nesip bolsa ol bölümde-de ýazgylar ýazaryn we öz bilýän bilgilerimi paýlaşaryn.

Sahypama ýene bir gezek hoş geldiñ, we wagtal-wagtal girip dur gadyrdan diñleýji!